Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen parlamentiniň deputatlygy üçin 258 dalaşgär bäsleşer

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça hödürlenen dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy diýip, türkmen metbugaty 28-nji fewralda habar berdi.


Türkmenistan boýunça dalaşgärleriň 14872-si hödürlenildi we bellige alyndy. Şeýlelikde, Mejlisiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgär, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bellige alyndy. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryndan ýokary hünärli işgärler, dürli hünärleriň wekilleri bar.


Resmi maglumata görä, saýlaw okruglarynda bir orna 2-3 dalaşgär hödürlenildi.


Saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 6241, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523, Agrar partiýasyndan 3576, şeýle-de raýatlar toparlaryndan 4532 dalaşgärler görkezildi.


Saýlawlarda ýurt boýunça Mejlisiň deputatlarynyň 125-si saýlanylar.


Ses berjekler üçin 2644 sany saýlaw uçastogy döredildi.


Türkmenistanda şu wagtda çenli garaşsyz halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly geçirilendigi ykrar edilen saýlaw bolmady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus