Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda Gurbannazar Ezizowyň edebiýat agşamy geçirildi

Aşgabatda 1-nji martda şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi.


“Türkmenportal” bu habary Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlaryna salgylanyp çap etdi.


“Şahyr üçin bu dünýeden gitme ýok” diýen at bilen geçirilen edebiýat agşamyna unwersitetiň Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri we Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.


Agşamyň dowamynda şahyryň döredijiligi, durmuşy barada gürrüň edildi, goşgulary okaldy we sahnalaşdyryldy, aýdym bolan eserleri “talyp ýaşlar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirildi”.


1-nji martda, uniwersitetdäki sapaklar başlanmazyndan öň, radiouzellerde şahyryň ömri we döredijiligi barada iňlis dilinde gysgaça gürrüň berildi, onuň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” atly goşgusy türkmen we iňlis dillerinde labyzly okaldy diýip, habarda aýdylýar.


Gurbannazar Ezizow ýaşap ýören bolsa, 1-martda 83 ýaşynyň toýuny toýlamalydy.


Ol 1975-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda, Sowet Soýuzynyň ýaş şahyrlarynyň häzirki türkmenbaşy şäherinde geçirilýän duşuşygyna gatnaşmaga barýarka, Gazanjygyň golaýynda sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürildi.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus