Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda polisiýa ilata jerime ýazyp, ‘gaznany doldurmaga’ synanyşýar

Şu günler Mary welaýatynda ýol polisiýasynyň we salgyt gullugynyň işgärleri işjeňleşip, olar ilata jerime ýazmak çärelerini görnetin güýçlendirdiler. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri munuň sebäplerini häkimiýetleriň Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňüni beklemek işleri üçin sarp edilen maliýe serişdesiniň öwezini sebit ilatynyň hasabyna dolmaga çalyşýandygy bilen düşündirýärler.


"Welaýatyň ähli etraplarynda, hususan-da Baýramalyda polisiýa işgärleri köçelerde pyýadalar üçin göz öňünde tutulan geçelgelerden geçmedik ýaşaýjylara jerime ýazýarlar. Adamlar 'şu günler nirä seretsek kanun goraýjylar jerime ýazýarlar diýip, bu nähili boldy' diýýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 27-nji fewralda aýtdy.


Mundan başga-da, salgyt gullugynyň işgärleri bazarlaryň daşynda durup, uly derwezelerden çykýan dürli kysymdaky ýük ulaglaryny saklaýarlar. Olar sürüjileriň resminamalaryny barlap, olara ýük daşamana rugsatnamasynyň ýokdugyny aýdýarlar we jerime ýazýarlar.




Ýol polisiýasy hem, awtoulag sürüjilerini saklap, ulaglaryň guratlyk hatyny, derman gutusyny, ýangyn söndürijisini we bularyň ýaramlylyk möhletini barlaýar. Olar bularyň ýokdugyny ýa-da ýaramlylyk möhletiniň geçendigini aýdyp, sürüjilere jerime ýazýarlar.


Şol bir wagtda, polisiýa işgärleri gurply we ýokary wezipelerde tanyş-bilişleri bolan ulag sürüjilerine jerime ýazmakdan saklanýarlar.


"Ulagdaky adam täsirli biri bolsa, ýa-da ýokarda tanyşy bolsa, hiç hili dawa etmän, olary goýberiň. Bize dawaly zat gerek däl. Emma tanyşy bolmadyk, ýönekeý raýat näçe dawa etse-de, ol eşidilmeýär diýip, başlyklar aýdýarlar" diýip, ýerli polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Duýdansyz güýçlendirilen bu çäreler we olaryň sebäpleri barada ilata resmi düşündiriş ýa maglumat berilmeýär.


Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan kanun goraýjy edaralaryň birnäçe işgäri munuň sebäplerini häkimiýetleriň Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňüni beklemek işleri üçin sarp edilen maliýe serişdesiniň öwezini sebit ilatynyň hasabyna dolmaga çalyşýandygy bilen düşündirýär.


"Şu günler her bir polisiýa işgärine günde 30 sany jerime ýazmak tabşyryldy. Raýatlara ýazylan bu jerimeler döwletiň gaznasyna girip, ondan ýene býujet işgärlerine aýlyk bolup gelmeli. Edil häzirki wagtda döwletimiziň gaznasynda pul gutarypdyr. Garagum derýasy ýarylyp, çöl meýdanyna akanda, gaznadaky köp pul şoňa harçlanypdyr. Suwuň öňüni beklemek, oňa çagyl, daş getirip guýmak üçin uly maddy çykdajy edilipdir. Indi halka jerime ýazyp, gaznany dolmaga çalyşýarlar" diýip, kanun goraýjy anonimlik şertinde aýtdy.




Azatlygyň bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden, Polisiýa müdirliginden we salgyt gullugyndan maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.


Ýöne bu maglumatlar Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, çöle tarap akyp başlan böleginiň öňüniň beklenendigi baradaky habarlardan iki hepde soňa gabat geldi.


13-nji fewralda sebitdäki habarçylarymyz häkimiýetleriň bu işlere gatnaşan tehnikalar üçin sarp edilen ýangyjyň möçberini derňäp başlandygy barada maglumat berdiler.


Türkmenistanda häkimiýetler köçelerde polisiýa gözegçiligini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Munuň çäginde polisiýa işgärleri dürli bahanalar esasynda, sürüjilere yzygiderli jerime salýarlar. Marynyň raýatlary şeýle çäreler bilen soňky gezek geçen ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde ýüzbe-ýüz bolupdylar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus