Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mirziýoýew: "Köp adam metbugaty ýapmagy maslahat berýär, men muny etmerin"

Özbegistanyň prezidenti metbugat azatlygy şertlerinde işlemegiň “çylşyrymlydygyny” aýtdy. Onuň sözlerine görä, oňa "metbugaty ýapmagy" teklip etdiler. “Men ýapmaýaryn ... Goý, gürlesinler, ýöne adalatly gürlesinler. Tankyt etsinler, ýöne dogry tankytlasynlar" diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kaşkadarýa sebitiniň Karşi etrabynda ýerleşýän 71-nji mekdebe sapar eden wagtynda, özüniň metbugata goldaw berýändigini ýene bir gezek nygtady diýip, onuň metbugat sekretary Şerzod Asadow ýerli metbugata aýtdy.


“Biz ýapyk ýurt bolup, metbugaty goldamandygymyz üçin halkyň adalatly sesini eşitmedik. Eşitmedik. Azatlygyň demi ýaraýarmy? Maňa ýaraýar. Hawa, maňa beýle ýagdaýda işlemek çylşyrymlyrak. Emma maňa: “Ýap” diýýärler. Men ýapjak däl. Öňküsi ýaly, prokuror we Milli howpsuzlyk gullugy barlagçylar bolsunmy? Biz öz maksatlarymyza ýetdikmi?" diýip, prezident sorag berdi.


Döwlet baştutany metbugat bilen “dostlaşmagyň” zerurdygyny belledi we özüniň her gün habarlar bilen tanyşýandygyny, olardan obalara, mekdebe, bilim pudagyna peýda ýetse, has gowy boljakdygyny aýtdy.


“Men her gün okaýaryn, şol sanda interneti hem gözden salmaýaryn. Mümkinçiligime görä, munuň üçin iki sagat wagt bölýärin, elime galam alyp, özüm üçin bellik edýärin. 10 pikirden 9-sy dogry. Bu dogry ugurmy? Dogry" diýip, özbek prezidenti aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus