Türkmen prezidenti Bahreýniň patyşasy bilen gepleşik geçirdi
22-nji fewafrlda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça, hyzmatdaşlyk üçin, 11 resminama, şol sanda howa gatnawy, deňiz ulaglary, demirýol ulaglary, umumy, tehniki we ýokary bilim ugurlarynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna we düşünişmelerine, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ylalaşygyna we beýlekilere gol çeklid.
Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, Serdar Berdimuhamedowa Bahreýn patyşalygynyň ýokary sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni gowşuryldy diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, “gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde”, türkmen liderine arap tohum atlarynyň iki sanysy sowgat berildi.