Serdar Berdimuhamedow Bahreýne sapar edýär
Resmi beýanatda bellenmegine görä, türkmen prezidentiniň bu sapary onuň döwlet wezipesine girişenden soňra Bahreýne edýän ilkinji sapary bolar.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine we birnäçe kabul edilşligiň bolmagyna garaşylýar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekiler, türkmen wekiliýeti Bahreýniň käbir taryhy we häzirki zaman ýerleri bilen tanşar diýip, habarda bellenýär.
Şu aralykda türkmen metbugaty Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar döwletiniň emiriniň adyndan "özi üçin islendik amatly wagtda" Katara sapar etmäge çagyrylandygyny habar berdi.
Bu çakylyk oňa Birleşen arap emirliklerine (BAE) eden saparynyň yz ýanyndan gowşuryldy.