Мы в Telegram
Добавить новость

SHOT: модель Playboy разбила купленный неделю назад Jaguar под Нижним Новгородом

МЧС: загоревшуюся электричку в Подмосковье потушили, никто не пострадал

Парк «Островок» в Долгопрудном благоустроят по итогам онлайн-голосования

ПРОЕКТ «ЗАСТУПНИЦЫ» НА «ЧЕ!» СТАЛ НОМИНАНТОМ ПРЕМИИ «ЛУЧШИЕ ESG ПРОЕКТЫ РОССИИ»

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Änewde itler köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar

Änewde itler köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar

Ahal welaýatynyň häkimiýetleri Änew şäherinde itleri zäherläp tutmak, soňra-da taýaklap ýa-da bogup öldürmek çärelerini güýçlendirdiler. Bu çäre sosial ulgamlarda onlarça ulanyjynyň itleriň köpçülikleýin öldürilýändigini aýdyp, "wagşyçylygyň" bes edilmegine çagyrmagyna getirdi.

"Häkimligiň işgärleri, şol sanda jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri diňe köçedäki öýsüz-öwzarsyz itleri däl, eýse raýatlaryň howlusyndaky, şeýle-de gezelenç etmek üçin köçä çykarylan itleri hem ýok edýärler. Olar howludaky itlere zäherlenen çörek ýa-da et, towuk hödürläp, aldawa salyp, öz ýanlaryna çagyrýarlar. Şondan soňra olary tutup, taýaklap ýa-da bogup öldürýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Änewli bir ýaşaýjynyň habarçymyza aýtmagyna görä, ol itini gezelenç etdirmek üçin köçä çykaranda, jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri onuň itini alyp ilki bogdular, soňra-da agyr taýaklar bilen urdylar.

"Ol prokuratura arza ýazmaga taýýarlanýar" diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler. Bu çäreler häkimligiň we jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tarapyndan ýurduň dürli künjeginde wagtal-wagtal amal edilýär.

Änewde itleri öldürmek bilen bagly nobatdaky çäreler geçen hepdäniň dowamynda güýçlendirildi. Bu çäreler sosial ulgamlarda onlarça ulanyjynyň itleriň köpçülikleýin öldürilýändigini aýdyp, "wagşyçylygyň" bes edilmegine çagyrmagyna hem getirdi.

Hususan-da, IMO messenjerinde paýlaşylan maglumatlarda mämişe reňkdäki uly ulaglarda gelen işgärleriň itleri taýaklap urýan we bogýan pursatlaryny görse bolýar. Şeýle-de, olarda gyrgynçylygy amala aşyrýandygy aýdylýan işgärleriň suratlary hem-de atlary äşgär edilýär.

"Haýyş, bu maglumatlary tizden-tiz ýaýradyň. Geliň, dostlarymyzy goralyň! Haýwanlary düýpgöter arassalamak çäreleri dowam edýär. Haýyş, haýwanlaryňyzy özbaşdak köçä goýbermäň" diýlip, paýlaşylan maglumatlaryň birinde aýdylýar.

Başga bir maglumatda kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine çagyryş edilip, ulanyjy itleri gynap öldürýänlere garşy çäre görülmegini soraýar.

"Gadyrdan organ işgärleri haýyş çäre göräýiň bulara! Änewiň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri it janawerleriň dokumentleri ýok diýip öldürýärler we howlyň içindäki iti aldaw bilen çagyryp, alyp gitdiler. Gaýrat edip çäre görüň, kanuna laýyk däl olaryň edip ýören işleri. Kanuny bilmeseler öwrediň bilsinler" diýlip, IMO messenlerinde paýlaşylan maglumatda aýdylýar.

Sosial ulgamlardaky işjeňligiň yzysüre, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň ençemesiniň IMO messenjeri kadaly işlemedi we olaryň azyndan iki sanysy Änewiň häkimligine çagyryldy. 16-njy fewralda geçen duşuşykda häkimligiň resmileri aktiwistler bilen sypaýyçylykly gürleşip, raýat pozisiýalary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

"Şeýle-de, olar aktiwistlere 'haýwanlaryň öldürilmegi bilen bagly ilatyň arasynda uly gahar-gazap tolkuny dowam edýär, şol sebäpli häzir raýatlaryň şikaýatlaryna örän seresaplylyk bilen çemeleşilýändigini" hem aýtdylar. Mundan başga-da, olar bu barada häkimiň habarly ediljekdigini hem-de gyrgynçylygy amal edýän esasy işgäriň işden çykaryljakdygyny hem wada berdiler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, häkimligiň işgärleri 17-nji fewralda aktiwistlere jaň edip, häkimlikde ýygnak geçirilendigini we welaýatyň wekillerine haýwanlary öldürmegi bes etmegiň we tutulan haýwanlary angara eltmegiň tabşyrylandygyny aýtdylar.

Ahalda tutulan haýwanlary kabul edýän esasy ýer Çoganlyda galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägindäki angarda ýerleşýär. Haýwan goraýjylar bu ýeri itler üçin "konslager" diýip atlandyrýarlar.

"Gyrgynçylygy amala aşyrýan esasy işgäri onuň müdiri gorap çykyş edipdir. Ol haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň şol işgär barada delilleri getirmelidigini hem aýdypdyr" diýip, çeşmämiz belledi.

Bu wakadan soňra haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň birnäçesiniň angara baryp görmegine rugsat berildi. Olaryň sözüne görä, bu ýerdäki ähli itleriň sany 50-den geçmeýär we olara kadaly iým, suw berilmeýär.

"Telekeçiler itlere iým berýärler. Ýöne bular olara berilmeýär, hat-da suw hem berilmeýär. Sebäbi olaryň töwereginde suw gaplary, jamlary hem ýok. Itleri nahar we suw bermän, gynap öldürýärler. Zäherlenip tutulan, urlup-ýenjilen itleri bolsa, zir-zibilleriň otlanýan beton çukurynda otlap öldürýärler" diýip, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistleriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada aç-açan mesele gozgaman gelýärler. Şeýle-de olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryny häzirki güne çenli jogapsyz goýýarlar.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirýärler. Soňky ýyllarda ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredildi we türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy.

Geçen ýylyň iýulynda ýurtda itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanun hem kabul edildi. Aktiwistler ýurtda idegsiz haýwanlary ýok etmek çäreleriniň dowam edýän wagtynda kabul edilen bu kanuny "gözboýagçylyk" atlandyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ЦППК назначит компенсационные рейсы на Рижском и Савеловском направлениях в мае

Эксперт Гореславский рассказал об импортозамещении в сфере компьютерных игр

SHOT: модель Playboy разбила купленный неделю назад Jaguar под Нижним Новгородом

Король Бахрейна прибыл в Москву для официальных переговоров с Путиным

Музыкальные новости

Июньские дни духовности: Православные праздники месяца от ясновидящей Галины Янко

Легенда "Спартака" Ловчев: немного перестал уважать Галицкого за отставку Ивича

Появился трейлер исторического детектива «Плевако» с Сергеем Безруковым в роли легендарного российского адвоката  

Юные туляки стали лучшими на первенстве России по карате спорта глухих

Новости России

В Новосибирске не осталось квартир дешевуле 100 тысяч рублей за квадрат

Депутат Коркин поделился опытом с участниками «ПолитСтарта» в Воскресенске

Сергей Катырин: последствия санкций в промышленности удалось во многом нивелировать

Муфтий уверен, что ради Востока с россиянок нельзя снимать никаб

Экология в России и мире

Выездной Фотограф для всех желающих, ну и конечно Артистов и Музыкантов.

Футболисты ФК «Динамо Пушкино» заняли второе место в межрегиональном турнире Laffy Cup 2024

Июньские дни духовности: Православные праздники месяца от ясновидящей Галины Янко

ТОП-10 продуктов, необходимых для здоровья щитовидной железы

Спорт в России и мире

Рыбакина узнала свое место в новом мировом рейтинге

Новаку Джоковичу исполнилось 37 лет в Швейцарии | Виды спорта

Сумасшедший матч «Реала», Медведев опустился в рейтинге ATP. Главное к утру

Потапова проиграла на старте турнира WTA-500 в Страсбурге

Moscow.media

Чесменская церковь.Санкт-Петербург

«Байкал Сервис» стал партнером Премии 2ГИС

Дагестанская «долина Смерти».

Сотрудник Дубненского отдела вневедомственной охраны Главного управления Росгвардии по Московской области встретился с учащимися МОУ СОШ №1











Топ новостей на этот час

Rss.plus






ЦППК назначит компенсационные рейсы на Рижском и Савеловском направлениях в мае

Путин предложил использовать рейтинг качества жизни для оценки работы регионов

Парк «Островок» в Долгопрудном благоустроят по итогам онлайн-голосования

SHOT: модель Playboy разбила купленный неделю назад Jaguar под Нижним Новгородом