Gyrgyzystan şu ýyl, geçen aý türgenleşikleriň özünde geçirilmeginden ýüz öwren Ermenistanyň ýerine, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk bileleşiginiň parahatçylygy goraýyş türgenleşiklerini geçirer diýip, Bileleşigiň baş sekretary 14-nji fewralda aýtdy.
Azerbaýjan bilen Dagly-Garabag sebiti üstünde ylalaşyp bilmeýän Ermenistan geçen aý Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň (KHŞG) türgenleşiklerini geçirmeginiň manysyz boljakdygyny aýtdy.
Anatoliý Sidorow 14-nji fewralda Gyrgyzystanyň "Aýrylmaz doganlyk" türgenleşigini geçirmäge meýletinlik görkezendigini aýtdy.