Hökümeti tankytlany üçin basylan tanymal kinoçy türmeden boşadyldy
2020-nji ýylda düşürilen "Şer ýok" filmi üçin Berlin film festiwalynda baş baýragy alan Rasulof iýul aýynda, ýurduň günorta-günbataryndaky Abadan şäherinde çöken binada ölen adamlar sebäpli gurnalan protestleriň hökümet tarapyndan basylyp ýatyrylmagyny tankyt edendigi üçin tussag edildi.
Rasulof, beýleki döredijilik işgärleri we aktiwistler bilen birlikde, häkimiýetleri ‘ýaraglaryny taşlamaga’ çagyrýan beýannama gol çekdi. Türme tussaglygy onuň ozal alan bir ýyl tussaglygy bilen baglanyşdyryldy.