Kanadanyň howa giňişliginde näbelli uçýan bir enjam urlup, düşürildi. Silindr görnüşli enjam 12 kilometr belentlikde anyklandy. Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau onuň raýat uçarlarynyň uçuşlaryna päsgel berip biljekdigi sebäpli obýekti ýok etmek barada buýruk berendigini aýtdy.
Enjam ABŞ-nyň we Kanadanyň Alýaskadaky bilelikdäki bazasyna degişli ABŞ-nyň Howa güýçleriniň F-22 söweşiji uçary tarapyndan oka tutuldy. Kanadanyň goşuny obýektiň nämedigini kesgitlemek üçin galyndylary ýygnaýar.
Bu Demirgazyk Amerikanyň howa giňişliginde bir hepdäniň içinde ýüze çykan üçünji şeýle ýagdaý.
4-nji fewralda ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň üstünden Hytaýa degişli howaly şar uruldy. Amerikan tarapynyň pikiriçe, bu harby enjamlara içalyçylyk etmek üçin ulanylyp bilner. Hytaý munuň raýat meteorologiki gözlegidigini öňe sürýär. Hytaý häkimiýetleri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna nägilelik bildirip, howa şarynyň ýere gaçmagyny "aşa hereket" we halkara kadalarynyň bozulmagy diýip atlandyrdylar.
10-njy fewralda Alýaska ştatynyň üstünden uçan bir zat atylyp ýere gaçyryldy. Ony kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.