Türkmen DIM-inde ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirildi
Türkmen DIM-niň 9-njy fewralda çap eden habarynda aýdylmagyna görä, duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryndaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplaryň bilim we medeniýet ulgamynda, ylmy-gözlegler ugrunda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralmagy we rejelenmegi ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, duşuşyk wagtynda ABŞ Ilçihanasynyň maglumat ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sanly diplomatiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplerine garaldy.