Мы в Telegram
Добавить новость

Сердце ядерного щита столицы: современный компьютер способен различить до 100 боеголовок одновременно

Вильфанд: погода в Москве благоприятна для загара

Два человека пострадали в ходе конфликта на юге Москвы

В Москве произошел конфликт со стрельбой

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi

Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi

6-njy fewralda günorta-gündogar Türkiýede we Siriýada bolan 7,8 kuwwatlygyndaky ýer titremesi ýüzlerçe binany ýumrup, gyşyň aňzakly gijesinde dowla düşen ýaşaýjylary daşaryk çykardy.

Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy we ýokary bilim üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri bolan Türkiýedäki bu tebigy betbagtçylykda türkmen raýatlarynyň arasynda zyýan çekenleriň bardygy ýa ýokdugy barada häzirlikçe maglumat ýok.

Türkiýede we Siriýada azyndan 1300 adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy we başga-da ýüzlerçe adamyň henizem harabalygyň astynda galandygy çak edilýär.

Halas ediş işgärleri we ýaşaýjylar serhediň iki tarapyndaky birnäçe şäherde ýykylan binalaryň harabalygynyň arasynda diri galanlary gözleýärler. Ejir çekenleriň sanynyň artmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň Geologiýa Gözleg gullugynyň maglumatyna görä, 7,8 bal derejesindäki ýer sarsgyny Kair ýaly uzakda ýerleşýän şäherde hem duýuldy.

Gyşyň aňzakly gijesinde bolan ýer titremesiniň ojagy Türkiýäniň Gaziantep şäheriniň demirgazygynda, Siriýa serhedinden 90 km uzaklykda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy ýer titremesiniň esasan Kahramanmaraş, Gaziantep, Malatýa, Batman, Bingöl, Elazig, Kidis, Diýarbakir, Mardin, Siirt, Şirnak, Wan, Muş, Bitlis, Hakkari, Adana, Osmaniýe we Hataý ýaly şäherlerde güýçli duýlandygyny aýdýar.

"Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, ölenleriň sany 1014 adam ýetdi. Betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyň habaryna görä, sebitde 2 müň 824 bina ýumruldy" diýip, habarçy aýtdy.

Türk metbugat serişdelerinde we sosial ulgamlarda peýda bolan wideolaryň käbirinde ýer titremesinde yzly-yzyna duran üç sany köp gatly binanyň birnäçe sekundyň dowamynda ýumrulýandygyny, dowla düşen adamlaryň aeroportlardan, hassahanalardan gyssagly çykýandygyny görse bolýar.

Türkiýe türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy we ýokary bilim üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar.

Türk häkimiýetleriniň 19-njy ýanwarda çap eden soňky maglumatyna görä, Türkiýede 221 müňden gowrak türkmenistanly kanuny rugsat bilen ýaşaýar. Resmi däl çeşmeler Türkiýedäki türkmenleriň umumy sanynyň, şol sanda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň resmi sanlardan ençeme esse ýokarydygyny çaklaýarlar.

Tebigy betbagtçylykda türkmen raýatlarynyň arasynda zyýan çekenleriň bardygy ýa ýokdugy barada häzirlikçe maglumat ýok.

Ýöne ýer titremesiniň güýçli duýlan şäherlerinde, hususan-da Gaziantepde we Kahramanmaraşda türkmenistanly studentleriň onlarçasy ýokary bilim alýar.

6-njy fewralda Azatlyk Gaziantebiň we Kahramanmaraşyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan aýrybaşga iki türkmenistanly student bilen habarlaşmaga çalyşdy. Ýöne redaksiýanyň ýerli wagt bilen ikindin sagat 4-e çenli eden synanyşyklary netijesiz boldy.

Adatça bolşy ýaly Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde Türkiýede bolan tebigy betbagtçylyk barada hiç zat aýdylmaýar. Türkmen häkimiýetleri adatça şeýle betbagtçylyklaryň yz ýany, degişli ýurduň hökümet ýolbaşçylaryna gynanç hatyny ibermek bilen çäklenýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Татарстан представил экспозицию с тюльпанами на фестивале цветов в Москве

Николай Долгополов представил в Москве свою новую книгу о разведчиках

«Ялган ана эше» – әни кеше үсмер кызы тапкан баланы чит хатынга тапшырган

Музыкальные новости

РОССИЯ И КИТАЙ: В МИРЕ ВОЗМОЖНА ГЕГЕМОНИЯ ЛИШЬ ИНТЕРЕСА НАРОДА, ЗАКОНА, ИСТИНЫ И СПРАВЕДЛИВОСТИ.

На Улан-Удэнском ЛВРЗ прошел конкурс «Лучший по профессии 2024»

В Росгвардии стартовал чемпионат по боксу «Кубок Победы»

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» УЛУЧШАЕТ ЗАКОНЫ, управляет патентами и улучшает командное планирование в целях учёта интереса всего народа.

Новости России

Муфтий Москвы Аляутдинов: запрет никаба вызовет недовольство мусульман в России

Блогер Эвенкийка представит Якутию на конкурсе красоты Mrs World Russia

Lipatov Sound заявил о выходе нового трека “Red City”

В Подмосковье создадут ещё восемь ООПТ

Экология в России и мире

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ

Мистический Тибет: путеводитель по местам силы от Кажетты Ахметжановой

Команда ювелирной сети «585*ЗОЛОТОЙ» приняла участие в благотворительном забеге от фонда «Антон тут рядом»

В Турции в ужасе удивились: сотни нелегальных отелей как ни в чем не бывало принимают туристов и выставляются на площадках бронирования

Спорт в России и мире

Потапова не смогла пробиться во второй круг турнира WTA в Страсбурге

Касаткина, Андреева и Кудерметова — в тройке лидеров в борьбе за звание лучшей теннисистки

Даниил Медведев идет третьим в чемпионской гонке ATP, Андрей Рублев — пятый

Рыбакина узнала свое место в новом мировом рейтинге

Moscow.media

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Сон

АО «ДиМ» демонтировало 40% старого путепровода над железнодорожными путями











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Два человека пострадали в ходе конфликта на юге Москвы

Онлайн курсы видеомонтажа от Coursus

«У России десять тысяч ракет»: Зеленский пожаловался на запрет использовать западное оружие по России

Оперативный Эфир 21.05.2024