Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi diýip, “Türkmenportal” rus metbugatyna salgylanyp ýazýar. Rus wekiliýeti Aşgabada düýn geldi.
Resmi habara görä, duşuşykda Russiýa bilen Türkmenistanyň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet dumasynyň başlygy, iki döwletiň ýolbaşçylygy derejesinde kabul edilen kararlary kanun taýdan goldamak üçin, parlament ölçegini ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy diýip, habarda bellenýär.
TDH häzirlikçe Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapara gelendigini habar bermek bilen çäklendi.
Şu aralykda, TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistan ýerasty baýlyklaryň gözleg işlerini Russiýanyň “Rosgeologiýa” kompaniýasy bilen bilelikde alyp barmagy meýilleşdirýär.