Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 26-njy ýanwarda Gyrgyzystana döwlet saparyna geldi diýip, Gyrgyz Respublikasynyň başlygynyň administrasiýasy habar berdi.
Özbek liderini gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow Manas howa menzilinde garşy aldy.
Aýdylmagyna görä, ýurt ýolbaşçylary döwlet saparynyň çäginde özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toparyny, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň geljegini ikiçäk we giňişleýin görnüşde ara alyp maslahatlaşarlar.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.
Bu Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzystana ikinji saparydyr. Ol bu ýurda ilkinji döwlet saparyny 2017-nji ýylda etdi.