Özbegistanyň prezident Şawkat Mirziýoýew 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, özbek lideriniň metbugat gullugy habar berýär.
Meredow Daşkende Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin geldi diýip, habarda bellenýär.
Duşuşykda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň resmi saparlarynyň çäginde baglaşylan ylalaşyklaryň çäginde durmuşa geçirilmeli işler we olaryň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy, ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meselelerine seredildi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň bilelikdäki taslamalarynyň çäginde, Hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi, Suw hojalygy boýunça bilelikdäki toparyň mejlisi, daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler, medeni we beýleki çäreler geçiriler diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, özbek lideri türkmen ministri bilen sebit we halkara meseleleri, geljekde geçirilmeli özara gepleşikler boýunça özara pikir alyşdy.
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisi, Özbegistanyň baştutanlyk etmeginde, 24-nji ýanwarda geçirildi.