Мы в Telegram
Добавить новость

В Химках проведут масштабный общеобластной субботник

Лидерами по суммарному коэффициенту рождаемости стали Тула, Липецк и Кострома

Учащиеся Подмосковья могут бесплатно пройти курсы по ИИ и лингвистике

Врачи столичной больницы помогли девушке с «синдромом бабочки» родить ребенка



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar

Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygy türkmen migrantlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmagy bes etmegi mümkin. Bu habar 9-njy ýanwarda migrasiýa meselesi boýunça maslahatçy Emrah Wural tarapyndan, TikTok sahypasynda yglan edildi. Ekspertiň tassyklamagyna görä, 15-nji ýanwardan başlap, konsullyklarda pasportlaryň möhletiniň uzaldylmagy bes ediler. Bu habar Türkmenistandan bolan zähmet migrantlarynyň arasynda aladalary döretdi. Şol wagtyň özünde, käbir türkmen aktiwistleri Wuralyň türkmen konsullygy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini öňe sürseler-de, ol maglumata şübheli garaýarlar.

Stambulbaky "Emrah Vural Danısmanlık" maslahatlar edarasynyň 9-njy ýanwarda, TikTok ulgamyndaky sahypasynda, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýakyn wagtda pasportlarynyň möhletini täzelemek mümkinçiliginden mahrum bolup biljekdigi aýdylýar.

"Türkmenistanyň hormatly raýatlary. Türkmen raýatlarynyň dykgatyna, kimiň pasportynyň möhleti gutaran ýa-da gutarýan bolsa, ony uzaltmagyň tertibi 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan ýatyrylýar. Şonuň üçin wagt barka, bize jaň ediň, biz hem size kömek ederis" diýip, migrasiýa boýunça türk hünärmeni bildiriş berdi. Türkmen aktiwistleriniň aýtmagyna görä, olar Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Türkmen konsullygy bilen Azatlyk Radiosynyň habarlaşmak üçin eden ençeme synanyşygy başa barmady. Şu maglumat çap edilýänçä, bu babatda konsullykdan resmi beýanat hem berilmedi.

Şol bir wagtda, Moskwadaky türkmen konsulhanasy bu mesele boýunça anyk jogap bermekden saklanyp, ähli maglumatlaryň öz websaýtlarynda ýerleşdirilendigini aýtdy. Bellesek, gürrüňi gidýän websaýtda türkmen pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagynyň togtadylýandygy barada maglumat ýok.

Şeýlelikde, türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmak prosedurasyny ýatyrandygy baradaky maglumat näbelli bolmagynda galýar.

Ýöne Emrah Wural 13-nji ýanwarda, TikTok sahypasynda, 15-nji ýanwara çenli arza bermedikler üçin, duýduryş bilen ýene bir wideo ýaýratdy.

Türkmenistanly migrantlaryň biri, migrasiýa maslahatçysyna ýüz tutanynda, Wural pasportyň möhletini uzaltmaga berjek kömegi üçin, 200 ABŞ dollaryny sorandygyny aýtdy. Şol pula ol arza berlenden soň, bäş günüň dowamynda, wagty geçen pasportyň möhletini uzaltmagy wada beripdir.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Türkiýädeki kabir türkmen aktiwistleri Emrah Wuralyň wideodaky maglumatlaryny sorag astynda goýýarlar. Olaryň munuň migrantlaryň arasynda dowul döredip, goşmaça pul almagyň bir ýoly bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Olaryň belläp geçişi ýaly, bu habar Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň arasynda, biynjalyk döremegine sebäp bolupdyr.

Akitwistleriň biri Azatlyk bilen anonim şertde gürleşende, türkmen häkimiýetleriniň tebigatyna laýyklykda, öz raýatlarynyň durmuşyny kynlaşdyrmak üçin, islendik zady etjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

"Bu maglumatyň hakykatdygyna mende şübhe ýok. Biziň döwletimiz öz raýatlarynyň durmuşyny bilgeşleýin gün saýyn beterleşdirýär. Öz raýatlaryna adam hökmünde däl-de, haýwan ornunda, hatda ondanam beter garaýar. Şeýle karar kabul edenlerinde, olary öz watandaşlarynyň nähili agyr ýagdaýa düşjegi biynjalyk etmeýär, biziň nähili şertlerde ýaşaýandygymyz olary az gyzyklandyrýar. Olar biziň ýagdaýymyzy hiç haçan bilmediler, hiç haçan düşünjegem bolmazlar. Häzirkiler hökümet başynda bolsalar, gowy özgerişleri unudyň. Hatda umyt hem etmäň" diýip, türkmen migranty aýtdy.

Eger 15-nji ýanwardan başlap, pasportlaryň möhletini uzaltmagy bes etseler, onda Türkiýedäki bikanun ýagdaýda galýan türkmenleriň sany bir esse artar diýip, sözüne goşdy.

"Hatda kim açyk ýaşap-işlemegi resmileşdirip bilenem bolsa, erkin statusyny ýitirer. Türkmenistana bolsa hiç kim gaýtjak bolmaýar. Gaýdýan ýek-tük. Türkmenistana gidýän uçaryň ýarysy boş uçýar. Türkmenistandan bolsa näçe adam uçup bilmän dur. Türkmenistanda gazanýan puluň ýaşamaga ýeterlik däl. Adamlar daşary ýurtda işläp gazanç etmäge gitmek hem alan pullaryny üzmek üçin bergä batýarlar. Emma olary bu mümkinçilikden hem mahrum edýärler. Adamlary onsuzam goýberenoklar. Wizany girizmek nämä gerekdi? Men size onuň nämä gerekdigini aýdaýyn. Adamlaryň kynçylygyndan peýdalanmak, olardan para almak üçin gerek boldy" diýip, türkmen migranty belleýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, daşary ýurtlarda wagtlaýyn galýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň tertibi işlenip taýýarlanyldy. Şol hereket edýän kanuna laýyklykda, 2019-njy ýyldan häzirki döwre çenli pasport eýeleri pasportynyň möhletini uzaltmak üçin, Türkmenistanyň konsullyk gulluklaryna arza ýazyp ýüz tutmak bilen ony uzaldyp bilýärler.

Türkiýe Türkmenistanyň zähmet migrantlarynyň esasy gidýän ugry. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti Türkiýe tarapyna ýüz tutup, öz raýatlary üçin, geçen ýylyň sentýabr aýyndan başlap, wiza girizmegi sorady. Ondan öň 15 ýylyň dowamynda, türkmenistanlylar Türkiýä 30 günläp wizasyz baryp bilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Заместитель руководителя ГУСТ Подмосковья Боровков провел прием граждан

Подмосковье выделило 45 миллиардов рублей на поддержку многодетных семей

Кирпичная стена рухнула на рабочего на стройке в Москве

Пациентки больницы Клина обследовались в передвижном маммографическом комплексе

Музыкальные новости

Сергей Трофимов выступит с летним концертом в Зеленом Театре ВДНХ

Apple возобновляет переговоры с OpenAI о внедрении функций ИИ в iPhone

Патрушев заявил, что нелегальная миграция связана с угрозами терроризма

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24

Новости России

Более 300 многодетных семей Сергиева Посада получили электронное удостоверение

В парке Долгопрудного дети посадили «Общественный огород»

Цифровой проект Подмосковья по энергетике стал лучшим в России

«Ак Барс» стал победителем хоккейного Кубка Владислава Третьяка в Екатеринбурге

Экология в России и мире

Добраться до курортов Сочи станет этим летом намного дороже: озвучена причина и новые цены

Токсиколог Кутушов рассказал почему возникает похмелье

Весенние субботники прошли на предприятиях «Московского» филиала ООО «ЛокоТех-Сервис»

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Спорт в России и мире

Азаренко не смогла пробиться в 1/8 финала турнира в Мадриде, уступив Соррибес-Тормо

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде

Moscow.media

Жёсткие экологические требования решат инновационные энерготехнологии

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Мост в Лыткарино готовят к укладке асфальта

В Екатеринбурге будут судить уроженца Армении, устроившего дорожный конфликт со стрельбой











Топ новостей на этот час

Rss.plus






«Ак Барс» стал победителем хоккейного Кубка Владислава Третьяка в Екатеринбурге

Запад сплотил друзей России: Северная Корея и Иран могут обменяться технологиями

Сменив имидж, Иван Ургант подрабатывает на корпоративах у российских бизнесменов

В Жуковском высадили деревья в рамках акции «День добрых дел» и «Лес Победы»