Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Ahal metjidiniň ýanynda dini medrese gurmagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde dini medresäniň gurulmagyny teklip etdi.


TDH onuň bu teklibi täze şäheriň gurluşyk işleri bilen tanşyp, bu ýerde bina ediljek baş metjidiň taslamalaryny synlan wagtynda edendigini habar berýär.


Şeýle-de, öňki prezident metjidiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamagyň we bu “ajaýyp waka” ähli halkyň “gatnaşmagynyň”, şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.


Habarda öňki prezident “Hajy Arkadag” hökmünde häsiýetlendirilýär we onuň ýolbaşçylygynda ýurduň dürli künjeklerinde döwrebap metjitleriň gurlandygy bellenilýär. Emma bu metjitleriň gurluşygyna harçlanan serişdeler barada maglumat berilmeýär.


Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, metjitleriň gurluşygy üçin ilatdan pul ýygnalýan halatlary hem bolýar.


Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň sakgal goýberýän, öz ynanjyna erkin uýmaga çalyşýan dindarlary yzarlaýandygy, onlarça dindaryň türmä basylandygy barada maglumat bar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus