Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hytaýyň "Huawei“ kompaniýasy Türkmenistanda uly şertnama “gazandy”

"Huawei” kompaniýasynyň Türkmenistanda ýurduň fiksirlenen telefon toruny gowulandyrmak boýunça uly şertnama gazanandygy habar berilýär diýip, huaweicentral.com neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär.


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäşinji gün sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde ýurduň “aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny” nygtady, emma hytaý kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama barada hiç zat aýtmady.


Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Berdimuhamedow hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurduň ulag we aragatnaşyk gullugynyň "Huawei” bilen baglaşmaly şertnamalary baradaky karara gol çekdi diýip, hytaý neşiriniň habarynda bellenilýär. Emma gürrüňi edilýän şertnamalaryň umumy bahasy anyklaşdyrylmaýar.


TDH-nyň maglumatyna görä, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň hökümet mejlisinde “sanly ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada” hasabat berdi.


Onuň sözlerine görä, ýurduň “welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar”.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus