Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki wise-premýere we ýurduň iki döwlet konsernleriniň başlyklaryna berk käýinç yglan etdi. Ol bu baradaky kararyny Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 13-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde mälim etdi.
Döwlet baştutany "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" wise-premýerler Şahym Abdrahmanowa hem-de Çarymyrat Purçekow Hywaliýewiçe berk käýinç yglan etdi.
Şeýle käýinçler “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Amangeldiýewiçe we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýew Myradowiçe hem berildi.
TDH-nyň habarynda bu resmileriň goýberendigi aýdylýan kemçilikleriniň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýöne onda olara "ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegiň" soňky gezek duýdurylandygyny bellenýär.
Ýurduň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekowa soňky gezek geçen ýylyň 29-njy iýulynda käýinç yglan edilipdi.