Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan kyrka golaý desgany satuwa çykarýar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki netijesiz ýa-da özüni ödemeýän desgalaryň hususylaşdyrylmagy dowam etdirilýär.


“Biznes Türkmenistan” neşiriniň döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp ýazmagyna görä, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýyl başynda döwlet eýeçiligindäki 39 sany desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.


Bu söwdanyň 25-nji ýanwarda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriljekdigi aýdylýar.


Lebap welaýatynda meýdany 25 müň 500 inedördül metre deň bolan maldarçylyk we guşçulyk fermasy, “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (8 müň 800 inedördül metr); Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 müň 400 inedördül metr); Aşgabatdaky “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy (4 müň 300 inedördül metr), dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary, haly fabrigi we önümçilik desgalary satuwa çykarylar diýip, habarda aýdylýar.


Türkmenistanda döwlet eýeçilgindäki desgalary hususylaşdyrmak tagallalary onlarça ýyl bäri dowam etdirilýär we şol bir wagtda-da döwlet serişdesine gurulýan we döwlet eýeçiliginde saklanylýan desgalaryň,  myhmanhanalaryň, maslahat, sport binalarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, metjitleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň sany köpelýär.


Emma ol desgalaryň näderejede netijeli ulanylýandygy barada soň ilata, salgyt töleýjilere açyk we doly maglumat berilmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus