Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident suw serişdelerini netijeli peýdalanmagy buýurdy

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak baradaky buýruga gol çekdi.


Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy diýip, TDH anyklaşdyrmazdan habar berýär.


Türkmenistan sebitde suw serişdelerini iň bir bisarpa ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde tankyt edilýär. Sowet döwründen gelýän suw zaýaçylygy ýurduň ekerançylyk ýerleriniň onlarça ýyllap, yzygiderli zaýalanmagyna, hasyllylygyň pese gaçyrylmagyna, azyk gytçylygynyň döremegine we ilatyň daşary ýurtlardan import edilýän önümlere barha kän garaşly bolmagyna alyp geldi.


“Global suw baýlyklarynyň ýagdaýy” barada geçen ýylyň aýagynda çap edilen ilkinji hasabatda aýdylmagyna görä, 2001-2018-nji ýyllar aralygynda bolan tebigy betbagtçylyklaryň 74% -i suw bilen baglanyşykly boldy.


“Progress.online” neşiriniň Bütindünýä Meteorologiýa guramasynyň hasabatyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2021-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ýerasty we ýerüsti suw gorlarynyň ählisi kadaly derejesinden peseldi; sebitiň derýa akymlary derýadan akýan hemişeki suw mukdarynyň ortaça derejesinden aşak gaçdy.


Merkezi Aziýa döwletleri dünýäde adam başyna iň kän suw sarp edýän ýurtlardyr. Sebitdäki suwuň 90% -den gowragy suwaryş üçin ulanylsa-da, oba hojalygynyň jemi içerki önümdäki paýy bary-ýogy 15% diýip, “Progress.online” belleýär.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus