Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hindi kompaniýasy 'çaga öldüren' üsgülewük dermanynyň önümçiligini togtatdy

“Dok-1 Maks” üsgülewük şerbetini içip, Özbegistanda azyndan 19 çaga ýogalanyndan soň, Hindistanyň milli düzgünleşdiriş edarasy 29-njy dekabrda bu şerbeti öndürýän kärhananyň, “Marion Biotech” derman kompaniýasynyň zawodynda geçirilen barlag barada habar berdi.


Kompaniýanyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, “Marion Biotech” tabletka görnüşinde hem öndürilýän “Dok-1 Maks” şerbetiniň önümçiligini togtatdy.


Derman serişdelerine gözegçilik edýän merkezi gurama kompaniýanyň Hindistanyň paýtagtynyň golaýynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda derňew geçirendigini, şol bir wagtda Özbegistanyň Saglyk ministrligi bilen hem aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.


Bu dermanyň Özbegistandaky satuwy 22-nji dekabrda, hindi dermanyny içen onlarça çaga keselhana ýerleşdirilip, olaryň birnäçesi heläk bolanyndan soň togtadyldy. "Dok-1 Maks" şerbeti we tabletkalary dermanhanalardan hem ýygnalyp alyndy.


Özbek metbugatynyň geçirilen barlaglara salgylanyp ýazmagyna görä, ýurtda satylýan “Dok-1 Maks” şerbetleriniň düzüminden zäherli madda bolan etilenglikol tapyldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus