Ady rowaýata öwrülen Pele aradan çykdy
Pele uzaga çeken keselçilikden soň, 82 ýaşynda aradan çykdy. 2021-nji ýylyň güýzünde oňa ýogyn içegede dörän düwnük keseli diagnozy goýuldy. Ýöne, himiýa bejergisini alandygyna garamazdan, näsagyň ýagdaýy kem-kemden erbetleşdi. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy dekabr aýynyň başynda agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi.
Pele 1940-njy ýylda Braziliýanyň Tres Korakoins şäherinde dünýä indi. Ol ýedi ýaşynda ýerli futbol toparynda futbol oýnamaga başlap, 17 ýaşynda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dünýä çempionatynyň meýdançasyna geldi. Şonda ýurt taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.
Pele häzire çenli dünýäde üç gezek (1958, 1962 we 1970-nji ýyllarda) dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ýeke-täk futbolçy boldy. Ol Braziliýada 92 gezek ýaryşa gatnaşyp, derwezeden 77 pökgi geçirdi. Halkara Olimpiýa komiteti, Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy, FIFA we başga-da birnäçe gurama Peläni 20-nji asyryň iň gowy futbolçysy hökmünde ykrar etdi.
Pele, futboldan başga, jemgyýetçilik işlerinde hem işjeňlik görkezdi, daşky gurşaw we garyplaryň durmuşyny gowulaşdyrmak ugrunda tagalla etdi.