Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen gämisiniň Wolga derýasyny hapalaýandygy aýdylýar

26-njy dekabrda Astrahanyň Wolga derýasynda 150 inedördül metrlik ýagly örtük tapyldy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri “Блокнот-Астрахань” habar saýtyna salgylanyp habar berdi.


Hapany aýyrmak üçin deňiz halas ediş gullugynyň işgärlerinden sekiz adam we ýörite enjam arassaçylyk işlerine çekildi.


Biraz soň neşir hapalanma Türkmenistanyň “Magtymguly” (TURKMENBASHY JVO 8863006) gämisiniň sebäp bolan bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.


Rus hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlag ýagly tegmilleriň Astrahanyň merkezi ýük portunyň suwlarynda ýerleşýän türkmen gämisinden syzan nebit önümlerine dahylly bolmagynyň mümkindigini görkezdi.


Neşir Wolga derýasynyň suwlaryndaky hapalanmanyň umumy meýdanynyň hakykatda 150 däl-de, eýsem 1632 inedördül metre barabar bolandygyny, ýagny iki kilometrden gowrak meýdany tutýandygyny, bu meseläniň häkimiýetler tarapyndan derňelýändigini habar berýär.


Türkmen häkimiýetleri mundan öň gaz ýataklaryndan syzýan zyýanly gazlar arkaly howanyň köp möçberde hapalanmagyna sebäp bolmakda tankytlanýardy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus