Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Azatlygyň žurnalistleri ýanwar wakalarynyň pidalaryna dikilen ýadygärligiň açylyşyna goýberilmedi

23-nji dekabrda irden Almatyda, prezident Kassym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda, ýanwar wakalarynyň pidalarynyň hatyrasyna gurlan ýadygärligiň açyljakdygy belli boldy.


Respublika meýdançasynyň töwereginde polisiýa işgärleri toplandy, dabara gatnaşjak adamlary, şol sanda býujet edaralarynyň işgärlerini toplap, awtobuslarda getirdiler. Emma howpsuzlyk güýçleri, ygtyýarnamalarynyň ýokdugyny aýdyp, Azatlyk radiosynyň habarçylaryny bu çäre goýbermediler.


Almaty häkimliginiň metbugat gullugy häzire çenli Azatlyk radiosynyň redaksiýasyna hiç bir düşündiriş bermedi. Bu çäre öňünden yglan edilip, ygtyýarnama meselesi gozgalmady.


"Tіl kespek žok" telegramm kanalynda, "Gazagystan" milli teleýaýlymynda 23-nji dekabrda ýanwar wakalarynda ölenleriň hatyrasyna Almatyda "Tagzym" ýadygärliginiň açylandygy habar berildi. Bu çäräniň geçirilen ýerine diňe döwlet eýeçiligindäki metbugatyň žurnalistleri goýberildi.


Döwlet telekanallarynda efire berlen wideoýazgylarda Kasym-Žomart Tokaýewiň münberden çykyş edişi, ýadygärlige gül goýýan adamlar görkezildi.


Tokaýewiň gatnaşmagynda açylan ýadygärlikler toplumynyň awtorynyň kimdigi belli däl.


Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Almatyda ýylyň başynda hökümete garşy başlanan parahat protestler giň gerimli bidüzgünçilige öwrüldi.


Protestler ýykgynçylyklara ýazyp, Almatyda häkimligiň binalary we döwlet baştutanynyň rezidensiýasy ele salnyp, oda berlende, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we howpsuzlyk güýçlerine duýduryş bermezden atmak buýrugyny berdi.


Resmi maglumatlara görä, ýanwar wakalarynda 238 adam, şol sanda 19 howpsuzlyk işgäri öldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus