Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident oba hojalyk işleriniň maslahatyny etdi, pagta hasylyny agzamady

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH 19-njy dekabrda habar berdi. Emma meýdanlardan soňky übtügine çenli ýygnalan 'bol' pagta hasyly barada, öňki prezidentlerden tapawutlylykda, näme üçindir, dymmagy makul tapdy.


Onlaýn görnüşinde geçirilen maslahatda ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy, ýöne pagta hasyly barada döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilip-ýetirilmändigi barada hiç zat aýdylmady.


Mundan öňki ýyllarda, sowet döwründen gelýän adat esasynda, ýokary pagta hasylynyň ýygnalandygy aýdylýardy.


Azatlygyň habarçylary pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmetiň bu ýyl dekabryň ortalaryna çenli dowam etdirilendigini habar berdiler.


Türkmenistanda pagtaçylyk sowet ýyllaryndan bäri mejbury zähmetiň iň giň ulanylýan pudagy hökmünde bilinýär we ýurtdaky azyk gytçylygynyň sebäpleriniň biri hasaplanýar.




Emma muňa garamazdan, sowetler döwründe strategiki ekin bolan gowaça ekerançylygy, Garagum kanalynyň gurulmagy we suw serişdeleriniň uly möçberlerde bisarpa ulanylmagy bilen, ýerleriň uly möçberlerde şorladylmagyna, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagyna we azyklyk ekinleriň, şol sanda ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygynyň yzygiderli peselmegine, miweli agaçlaryň köpçülikleýin ýitirilmegine alyp geldi.


Bu ýagdaýlar bölekleýin boýun alnyp, ýurduň öňki prezidentleri tarapyndan birnäçe gezek täze syýasat, özgertmeler diýilýänler yglan edildi, emma daýhanlara erkinlik berilmedi.


Oba ilatynyň ýyl-ýyldan garyp düşmegine getiren netijesiz oba hojalyk syýasaty içerki migrasiýanyň, daşary ýurtlardan iş gözlemegiň güýçlenmerine, on müňlerçe adamyň daşary ýurtlara gitmegine sebäp boldy. Emma häkimiýetler bu ýagdaýy açyk tassyklamaýar.


Türkmenistanyň häzirki prezidenti, öňki prezidentlerden tapawutlylykda, suw meselelerini bölekleýin boýun alandygyna garamazdan, oba hojalygyndaky agyr meseleleri çözmek üçin, häzire çenli hiç bir özgertme meselesini gozgamaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus