Täjik oppozisiýa syýasatçysynyň oglunyň Germaniýadan ekstradisiýa edilmegi mümkin
Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň agzasy Saidow Täjigistanda gaýybana 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde ýaşaýar.
Ol 13-nji dekabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gysga interwýusynda 32 ýaşly ogly Abdullo Şamsiddiniň Germaniýanyň migrasiy edaralarynda öz wagtynda gaýtadan hasaba durmandygy sebäpli, onuň Täjigistana ekstradisiýa edilmeginiň mümkindigini aýtdy.