Gyrgyz syýasatçylary, meşhur şahslar prezident Žaparowy AÝ/AR-yň saýtynyň petigini açmaga çagyrýar
13-nji dekabrda berlen açyk hat mejlisiň başlygyna, premýer-ministre, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň başlygyna we gyrgyz jemgyýetine iberildi.
“Radio Azattygyň 70 ýyllyk taryhynda garaşsyz, özbaşdak Gyrgyzystanyň kemala gelmegi üçin, gyrgyz halkynyň arzuw eden hem-de biziň ata-babalarymyzyň Sowetler döwründe ugrunda göreşen azatlygyna ýetmek üçin, goşan goşantlary örän gymmatlydyr” diýip, hatda aýdylýar. Açyk hat ýurt ýolbaşçylaryny Radio Azattygyň işlerini dessine doly dikeltmäge çagyrýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy gyrgyz-täjik serhediniň dawaly böleginde bolan çaknyşyklar barasyndaky bir wideony aýyrmagy ret edensoň, gyrgyz hökümeti 26-njy oktýabrda Azattygyň gyrgyz we rus dillerindäki websaýtlaryny petiklemek barada karar kabul etdi. Gyrgyz resmileri bu wideoda täjik tarapyna artykmaçlyk berlendigini öňe sürüpdiler.