Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

MHM Özbegistana sapar edýän raýatlar bilen söhbetdeşlikleri geçirýär

Türkmenistandan Özbegistana gitmek isleýän raýatlaryň köpelýän mahaly, ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebap welaýatyndaky işgärleri goňşy ýurda sapar edýän türkmenistanlylar bilen söhbetdeşlikleri geçirýärler. Bu barada söhbetdeşliklere çagyrylan raýatlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


"Resminamalaryň ählisi taýyn bolansoň, MHM-niň edarasyna söhbetdeşlige barmaly. Olar Özbegistana baryp geleniňden soňra-da söhbetdeşlige çagyrýarlar. Olar raýatlary hamala duşman döwletlere razwedka ugradýan ýaly çemeleşýärler" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Söhbetdeşliklerde raýatlardan esasan Türkmenistan barada erbet gürlemezlik, negatiw sözleri aýtmazlyk talap edilýär. Şeýle-de, olara Özbegistandaky türkmen diasporasynyň nähili şertlerde ýaşaýandygyny öwrenmek tabşyrylýar.


"MHM-niň işgärleri Özbegistanyň harbylarynyň, gümrük we migrasiýa işgärleriniň näçe aýlyk alýandygyny örenmegi hem soraýarlar. Olar raýatlara bu maglumatlary garyndaşlarynyň üsti bilen öwrenmelidiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, neşe serişdeleri barmy ýa ýok ýaly soraglar berilýär" diýip, ýaşaýjy belledi.




Özbegistana baryp gelen raýatlar bular barada hasabat bermeli bolýarlar. Muny etmekden ýüz öwürýänler gümrükden goýberilmeýärler.


MHM-niň resmileri söhbetdeşlikleriň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler.


Azatlyk bu barada MHM-den kommentariýa hem alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu söhbetdeşlikleriň Özbegistana sapar edýän raýatlaryň ählisi bilen geçirilýändigini ýa geçirilmeýändigini anyklap bilmedi.


Bu, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda häkimiýetleriň daşary ýurtlardan gelýän türkmen raýatlaryny soraga çekmegi bilen bagly ilkinji waka däl. Azatlyk şeýle ýagdaýlar barada soňky ýyllarda onlarça gezek maglumat taýýarlady.


Türkmenistan global pandemiýanyň başynda, 2020-nji ýylda girizen hereket çäklendirmelerini gowşadyp, serhetleri ýuwaş-ýuwaşdan açyp başlansoň, soňky aýlarda Özbegistana sapar etmek isleýän türkmenistanlylar köpelýär.


"Şu günler Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde her gün ýüzlerçe adam nobata durup, özbek wizasyny almaga çalyşýar" diýip, habarçy aýtdy.


Bu raýatlaryň käbirleri söwda etmäge ýa-da Özbegistanyň üsti bilen beýleki döwletlere aşmaga çalyşýar. Ýöne olaryň aglabasy serhediň beýleki tarapyndaky dogan-garyndaşlary bilen didarlaşmak üçin Özbegistana sapar edýär.


"Adamlaryň arasynda soňky bäş ýyl bäri garyndaşlaryny görüp bilmedik, ýas we toý çärelerine gatnaşyp bilmedik adamlar bar. Olar Özbegistanda on gün galmaga rugsat berýän özbek wizasy üçin $51, 20 günlük üçin $71 we 30 günlük üçin $91 töleýärler. Özbek ilçihanasy bu tölegleri indi diňe dollaryň gara bazar nyrhynda manatda kabul edýär" diýip, habarçy belledi.




Serhetýaka, ýagny Farap, Darganata we Dänew ýaly etraplaryň ýaşaýjylary üçin käbir ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Olar 850 manat, ýagny gara bazaryň kursunda $42 töläp, üç gün Özbegistanda bolup bilýärler.


"Bu ýeňillikden peýdalanýan raýat pasporty, dogluş şahadatnamasy we garyndaşlygyny tassyklaýan resminamasy bilen birlikde, Özbegistandaky dogan-garyndaşlary tarapyndan iberilen çakylyk hatyny özbek ilçihanasyna tabşyrmaly bolýar" diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.


Ýeňillikli wiza düzgüninden peýdalanýan raýatlar goňşy döwletiň Buhara welaýatynyň çäginden çykyp bilmeýärler.


Uzynlygy 1621 kilometre barabar bolan türkmen-özbek serhedi Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan geçýär. Daşoguzda iki sany serhet geçelgesi işleýär. "Şawat" geçelgesi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda we "Hojeýli" Köneürgenç etrabynda ýerleşýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus