Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew özüniň üstünden geçýän sud diňlenişigini “sirk” atlandyryp, saklanýan aýna gözegini depip başlanyndan soň, suduň zalyndan çykaryldy.
Atambaýew, şeýle-de başga ozalky üç resmi 2010-njy ýyldaky bu Merkezi Aziýa ýurdunda bolan ganly etniki çaknyşyklaryň dowamynda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýarlar. Olaryň sud diňlenişigi 1-nji dekabrda, “Birinji Maý” etrap sudunda başlady.
66 ýaşly Atambaýew 2013-nji ýylda ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesiniň türmeden bikanun boşadylmagy bilen baglylykda 11 ýyl türme tussaglygyny geçýär.
Ol 2010-njy ýylyň iýunynda ýurduň günortasyndaky Oş we Jalal-Abad şäherlerinde ýüze çykan çaknyşyklaryň dowamynda, geçiji hökümete ýolbaşçylyk edýärdi.
Mundaň öň, hökümete garşy protestleriň netijesinde prezident Kurmanbek Bakiýew wezipesinden çetleşdirilipdi.