Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda ilat goşmaça tölegleriň öňüni almak üçin ölçeýjilerini barlatmaga howlukýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ýere üýşen ilat öz öýlerinde agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlary barlagdan geçirmäge we ýaramlylyk möhleti dolan hasaplaýjylary täzesine çalyşmaga howlukýar.


"Şäherdir etraplaryň köçelerinde suw, tok we gaz hasaplaýjylary welaýat merkezindäki "Türkmenstandartlary" gullugynda barlagdan geçirmegiň zerurdygy barada bildirişler asyldy. Munuň yz ýanynda Seýdi, Dänew, Saýat, Farap we Çärjew etraplarynyň ýaşaýjylary Türkmenabada gelip başladylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.


Onuň maglumatyna görä, uly nobatlaryň ýene bir sebäbi ýaşaýjylaryň öz hasaplaýjylaryny barlagdan geçirmek işlerini ýylyň ahyryna çenli amal etmäge çalyşýandygy bilen baglanyşykly.




"Ýylyň ahyrynda ýa-da başynda köp ýaşaýjynyň hasaplaýjylarynyň möhleti dolýar. Eger adamlar ony wagtynda çalyşmasa, onda olardan gazy, suwy we togy, hamana, gije-gündiz ulanandygy barada töleg alynýar. Meselem, men 2021-nji ýylyň ahyrynda şol ýyl üçin ähli tölegleri geçirdim. Men şu ýylyň 11 aýy üçin heniz töleg tölemedim. Şol arada fewralda hasaplaýjymyň möhleti geçen bolsa, onda menden tutuş 11 aý üçin üç esse köp töleg alýarlar" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.


Bu waka, Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda ilatyň suwdan, tokdan we gazdan peýdalanyşyna, edilýän hyzmatlaryň tölegine gözegçilik etmek wezipesiniň pesdigine nägilelik bildirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Ol bu barada Halk maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde aýtdy.


"Bu işe başlandy, ýöne ol ahyryna çenli ýerine ýetirilmedi we köp ýerlerde şeýle ýagdaý häzire çenli hem dowam edýär. Agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlaryň oturdylmadyk ýerleri bar" diýip, Berdimuhamedow "Biz şeýle ýagdaý bilen hiç wagt ylalaşyp bilmejekdigimizi we bu ugurlarda tertip-düzgüni ýola goýjakdygymyzy berk duýdurýarys!" diýdi.


Türkmen hökümeti ilat üçin elektrik energiýasyny, gaz we suw ýeňilliklerini 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrdy.


Ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25 ýyl ozal girizilen ýeňillikleri ýatyrmak kararyny, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündiripdi.




Şondan soň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjylary oturtmak işleri we onuň talaba laýyk işleýşine gözegçilikler güýçlendirildi.


Şu ýylyň sentýabrynda Balkan welaýat häkimliginiň resmisi ýaşaýjylara beren maglumatynda döwletiň soňky sekiz aýda akdyrylan elektrigiň, suwuň we gazyň tölegleri bilen bagly 40% ýitgi çekendigini aýtdy.


Mundan ozal, habarçylarymyz ýerli elektrik, gaz we suw edaralarynyň käbir hünärmenleriniň raýatlardan para alyp, hasaplaýjylardaky görkezijileri kemeldýändigini hem aýdypdylar.


Türkmen häkimiýetleri bu aýdylanlar barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýärler. Ýöne Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde eden çykyşy bu ugurda problemalaryň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýar.


Maglumat üçin aýtsak, ýurtda suw hasaplaýjylary dört, gaz hasaplaýjylary bäş we elektrik energiýasyny hasaplaýjylary sekiz ýyldan barlatmak talap edilýär. Ilat bulary barlagdan geçirmek üçin azyndan 80-100 manat sarp etmeli bolýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus