Türkmenistan Eýran ýük ulaglaryna girizen gadagançylygyny ýatyrdy – Eýran mediasy
Bu barada Eýranyň “Financial Tribune” neşiri ýurduň Golestan welaýatynyň gümrük resmilerine salgylanyp 26-njy noýabrda habar berdi.
Ýerli resmileriň maglumatyna görä, pandemiýadan ozal bu terminaldan günde “80-140 aralygynda” ýük ulaglary geçipdir. Eýran ýük sürüjileriniň eýýäm Türkmenistanyň wizasyny almak üçin ýüz tutýandyklary bellenilýär.
Eýran resmileri “Inçeh Boroun” serhet terminalyndan her gün 20-ä golaý türkmen ýük ulagynyň geçýändigini nygtaýarlar.
Gonbad-e Kawus şäherinde ýerleşýän bu serhet terminaly Golestan welaýatynda hem demir ýol, hem-de gara ýol arkaly transport we tranzit hyzmatlaryny hödürleýän ýeke-täk geçelgedir.