Owganystanda “Talybanyň” ýurduň Daikundi welaýatynyň paýtagtyna amala aşyran hüjüminde azyndan dokuz adam, şol sanda üç çaga öldi. Mundan iki gün öň ýüze çykan bu waka barada 27-nji noýabrda ýerli taýpa ýolbaşçysy mälim etdi.
Bu hüjüm etniki hazaralaryň köplük bolup ýaşaýan Siwak Şibar obasynda boldy.
BMG-niň Çagalar gaznasy edarasynyň maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda 1-14 ýaşyndaky oglan çagalar hem bar.
“Talyban” resmileri öldürilenleriň ýaragly jeňçiler bolandygyny aýdyp, çagalaryň heläk bolandygy baradaky maglumatlary ret etdiler.
Mundan öň, Amnesty International guramasy “Talybany” etniki hazaralara garşy hüjüm etmekde aýyplapdy.