USAID Özbegistana 131 tonna azyk kömegini berýär
“Bu kömek ýurduň has mätäç raýatlarynyň 35 müňüsini üpjün etmek üçin 98 sany saglygy goraýyş we durmuş goragy edaralaryna paýlanyp berler” diýip habarda aýdylýar.
Berilýän azyk kömegi Amerikanyň girdeji gözlemýän guramasy, “Resource and Policy Exchange” tarapyndan Daşkentde ýerleşýän hökümetden aýry gurama, “Sog'lom Avlod Uchun” arkaly bilen paýlanar.
Bu kömek 13 ýyl bäri berilýär.
USAID-iň Halkara Azyk kömegi maksatnamasy boýunça Özbegistana 2010-njy ýyldan bäri 4 million dollardan gowrak serişdä durýan 1425 tonna azyk kömegi gowşuryldy.