Paşinýan KHŞG sammitinde resminamalara gol çekmekden ýüz öwürdi
Bu barda hökümetiň metbugat gullugy habar berdi.
Sammitde çykyş eden Paşinýan guramany Azerbaýjanyň Ermenistana garşy alyp barýan işlerine syýasy baha bermäge çagyrdy, onuň pikiriçe, Azarbaýjanyň hereketleri agressiýa bolup durýar.
Eger-de ýaranlar Azerbaýjanyň goşunlarynyň Ermenistanyň basylyp alnan ýerlerinden çykarylmagyny gazanyp bilmeseler, "bu KHŞG-nyň öz ýaranlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegini aňladyp biler" diýip, Paşinýan aýtdy.
Ermeni häkimiýetleriniň tassyklamagyna görä, sentýabr aýynda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň serhedinde bolan ýaragly çaknyşyklar netijesinde, azerbaýjan goşuny Ermenistana degişli ýerleriň bir bölegini ele geçirdi.
Baku bu aýdylýanlary ret edýär we iki ýurduň arasyndaky serhetleriň heniz kesgitlenmändigini öňe sürýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna umyt edýändigini aýtdy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow sammitiň netijeleri barada düşündiriş berip, Ermenistanyň KHŞG-dan çykmagy baradaky meseläniň ýokdugyny aýtdy.
Bu gurama Ermenistan, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Belarus girýär.