Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

DÖM maliýeleşdirmesi boýunça bilermenler toparynyň ýygnagy geçirildi

BMG we Türkmenistan hökümeti, DÖM, durnukly ösüş maksatlary maliýeleşdirmesi boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirýär.


Golaýda Bilelikdäki bilermenler toparynyň (BBT) altynjy ýygnagy geçirildi, bu ýygnak 2021-2022-nji ýyllar üçin Hereket meýilnamasynyň çäginde, Türkmenistanyň döwlet maliýe ulgamyna we ony özgertmek meýilnamalaryna bagyşlandy diýip, UN-Türkmenistan web sahypasy habar berýär.


BBT-niň agzalary Türkmenistanyň döwlet maliýe ulgamy we ony özgertmek meýilnamalary, Türkmenistandaky Ösüş Maliýe Bahalandyrmalarynyň (DFA) netijeleri, şeýle-de toparyň 2022-nji ýyldaky iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi we indiki ýyl üçin işlenip düzülen deslapky meýilnamalar bilen tanyşdylar.


BMGÖM-niň DFA boýunça bilermeni Lewon Barhudarýan Türkmenistanda Ösüş Maliýe Bahalandyrmasynyň netijeleri barada gürrüň berip, bu netijeler esasynda taýýarlanan teklipleri hödürledi.


Bilermen Türkmenistandaky maliýeleşdiriş şertleriniň düýpli elementlerinde käbir gowulaşmalaryň zerur bolup durýandygyny aýtdy.


Duşuşyga gatnaşyjylar toparyň Ýyllyk Hereket meýilnamasyny täzelemek, INFF-ni (integrirlenen milli maliýeleşdiriş çarçuwasyny) mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ýol kartasynyň goşmaçalaryny taýýarlamak we olary toparyň indiki ýygnagynda orta möhletli býujet çarçuwalaryny girizmekdäki üstünlikli halkara tejribesi bilen bilelikde teklip etmek ylalaşygyna geldiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus