Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyzylarbatda pagtaçy kärendeçileriň ençemesi döwlete bergili çykdy

Şu günler Balkan welaýatynyň häkimiýetleri kärende ýerlerinden pagta hasylyny doly ýygnap alan daýhanlar bilen döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işlerini geçirip başladylar. Pagtaçy kärendeçileriň ençemesi köp daýhanyň döwlete bergili çykandygyny aýdýar.


"Gyzylarbat etrabynyň ençeme daýhan birleşiginde prokuratura işgärleri bergidar daýhanlary çagyryp, olara döwlete pullaryny geçirmelidiklerini aýdýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.




Ol özi ýaly başga-da käbir daýhanlaryň bergili çykmagyna bu ýyl döwlet tarapyndan dökün we tehnika ýaly üpjünçilik hyzmatlary üçin köp pul tutulmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.


"Bir gektar kärende ýerimden 1,6 tonna pagta hasylyny harmana tabşyrdym. Hasaplaşmak üçin 'Daýhanbankyň' şahamçasyna baranymda, meniň hasylymyň girdejisiniň 810 manada barabardygyny aýtdylar. Olar maňa üpjünçilik hyzmatlary, şol sanda sürüm, mala, selka bilen ekiş, hatarara ýumşatmak, çigit tohumyny getiren tehnika, uçarda derman sepmek, fosfor döküni, suw we başga-da birnäçe zat üçin diýip, 800 manat töletdirdiler. Aslynda plany dolan daýhan hem nol bolup çykdy. Girdejimiz pagtanyň öz-özüni ýapdy, ýagny biz döwlete mugtuna pagta ýetişdirip beren ýaly bolduk. Munuň bilen kärendäni tabşyraýmasak peýda ýok" diýip, kärendeçi aýtdy.


Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri, şol sanda pagta ösdürilip ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýaly üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.


Ýöne kärendeçiler özleriniň üpjünçilik meselesiniň ýyllarboýy ýaramazdygyny aýdyp, munuň hasylyň, geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem pes bolmagyna getirendiginden şikaýat edýärler.




"Bir gektar ýerden 1,8 tonna pagta hasylyny tabşyrmak boýunça plan kesgitlendi. Bu dünýä tejribesinde uly plan däl. Ýöne kärendeçileriň ekerançylyk üçin zerur bolan tehnikalar, dökün we suw bilen talaba laýyk üpjün edilmezligi, planyň dolmazlygyna sebäp bolýar" diýip, kärendeçi belledi.


Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýat we Gyzylarbat etrap häkimliklerinden, şeýle-de "Daýhanbankyň" ýerli şahamçasyndan kommentariýa alyp bilmedi.


Bu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus