Türkmen DIM-niň başlygy Josep Borrel bilen gepleşik geçirer
Duşuşyk 18-nji noýabrda, bäşinji gün geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa gatnaşyklary konferensiýasynyň çäginde geçiriler diýlip, Ýewropa Komissiýasynyň web sahypasynda habar berildi.
Josep Borrell Samarkanda gelmezinden öň, 16-njy noýabrda Gazagystana sapar eder we 17-nji noýabrda, ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň duşuşygynyň geçiriljek ýurdy bolan Özbegistana geler.
Şol günüň ertesi Samarkantda ÝB-Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça geçiriljek konferensiýa döwlet ýolbaşçylary, hökümet baştutanlary, hususy pudagyň hünärmenleri we bilermenler, alymlar, döwlet edaralarynyň we habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.
Maslahatyň çäginde sanlaşdyrmak, ulag we logistika, energiýa we suw çeşmeleri bilen baglanyşykly meselelere serediler diýip, habar aýdylýar.