Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar

Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady, oňa Türkmenistandan halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.


TDH onyň bu mejlise Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça, hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny habar berdi.


Özbegistanyň prezidentiniň ýolbaşçylygyn geçirilýän mejlise Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle-de, synçy ýurduň wekili hökmünde, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban, guramanyň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşýar.


Bu mejlis Türki Geňeşiniň ýerine döredilen Türki Döwletleriň Guramasynyň ilkinji sammiti bolup durýar we, Türkkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglunyň Türkmenistanyň bu gurama agza bolmak mümkinçiligi barada aýdan sözlerinden soň, dürli çaklamalar edildi.




2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň prezidentleri tarapyndan döredilen “Türki Geňeşden” Türkmenistan bu bileleşikden çekeräk durdy.


2018-nji ýylyň aprelinde bileleşige Özbegistan hem goşuldy.


Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň geçen ýylyň noýabrynda geçirilen VIII sammitinde Türki Geňeş Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy.


Şol sammitde Türkmenistan bu gurama synçy agza hökmünde kabul edildi.


TDH-nyň habarynda Türkmenistanyň bu gurama doly agza bolmak ähtimallygy barada hiç zat aýdylamdy we, “öz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen”, garaşsyz Türkmenistanyň hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýändigi nygtaldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus