Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tähranda otlanan zibil çeleginden soň bir adam ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Eýranyň kazyýet ulgamy zibil taşlanýan çelegi otlan adamy "Hudaýa garşy uruşmakda", ölüm jezasy berilýän jenaýatda aýyplady.


Kazyýetiň garamagyndaky “Mizan” habar gullugy prokuroryň wekiliniň 7-nji noýabrda beren habaryna salgylanyp, Sahand Nurmohammadzadeniň Tähranda "uly ýoluň haýatlaryny bozup, zibil çeleklerine we tekerlere ot berip”, awtoulag ýolunyň petiklenmegine sebäp bolandygyny aýtdy.


Nurmohammadzade özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi we özüniň hiç hili bidüzgünçilik döretmek niýetiniň bolmandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Tährandaky kärhanasynyň öňünde geçirien protest wagtynda kimdir birleri hapa çeleklerine ot berdi, ýöne ol bu proteste düýbünden gatnaşmady.


Bu habar Eýranyň 290 orunly, berk liniýaly parlamentiniň 227 kanun çykaryjysynyň kazyýet ulgamyny sentýabr aýynda, hamala baş örtügini düzüw geýmändigi üçin tussag edilen we polisiýanyň gözegçiliginde ölen ýaş gyz sebäpli başlanan köpçülik protestlerine gatnaşyjylara ölüm jesasyny bermäge çagyrmagynyň yz ýanyndan peýda boldy.


Eýranyň baş kazysy Golamhossein Mohseni Ejei 7-nji noýabrda Ýokary kazyýet geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, parlamentiň talaby bilen ylalaşýandygyny we demonstrantlaryň käbiriniň Kisas ýörelgesine ýa-da ar alyş kanunyna laýyklykda jezalandyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus