Türkmenistanyň prezidenti ýurtda ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirip, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezlige, bazarlaryň we dükanlaryň haryt üpjünçiligini gözegçilikde saklamaga çagyrdy. Ýogsa ýurtda, hasabata görä, gök önüm meýilnamasy 118%, bakja meýilnamasy 110,1%, çörek we çörek önümleri meýilnamasy 105,3% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň tas ähli ugur boýunça beren ösüşli hasabatlaryny diňläp, "...baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň möhümdigini" nygtady.
TDH-nyň ýazmagyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 172,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy.
Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, hökümet "jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başardy”, ýurtda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär; 61 sany iri desga açylyp, ulanmaga berildi.
Şeýle-de prezident Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanan çärelere göwnejaý taýýarlyk görmek, geljek ýylyň iň gowy şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşik geçirmek tabşyryklaryny berdi.
Türkmen hökümetiniň ýygy-ýygydan geçirýän mejlislerinde yglan edilýän uly ösüş sanlaryna, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi barada aýdylýan dabaraly sözlere garamazdan, Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigi, işsizligiň ösmegi, durmuşyň gymmatlamagy netijesinde, dürli jenaýatlara, dilegçilige ýüz urýan adamlaryň we çagalaryň köpelýändigi, daşary ýurtlara işlemäge gitmek isleýän ýaşlaryň sanynyň azalmaýandygy aýdylýar.
Dekabr aýynda ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýan türkmen häkimiýetleri ýurtdaky eli ýuka maşgalalaryň kynçylyklary, türme tussaglarynyň sany, işsizleriň möçberi, daşary ýurtlara giden adamlar, şol sanda ilatyň umumy sany barada maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.