Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Putin Soçide ermeni we azeri liderleri bilen duşuşyp, meseleleriň saklanyp galýandygyny aýtdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen gepleşik geçirip, iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän konfliktiň çözülmegine ýol açmaga synanyşdy, ýöne bu meselede öňegidişligiň bolmandygyny aýtdy.


31-nji oktýabrda Russiýanyň Gara deňiz kenaryndaky Soçi şypahanasynda bolan duşuşyk, kawkazly goňşularyň arasynda 2020-nji ýyldaky ganly söweşden soň ýüze çykan iň erbet çaknyşykdan bir aý soň boldy.


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen geçirilen duşuşyklardan soň Putin gutarnykly parahatçylyk şertnamasyna gelmäge böwet bolýan meseleleriň saklanyp galýandygyny aýtdy, ýöne hiç bir jikme-jik zat aýtmady.


Emma muňa garamazdan, ol geçirilen gepleşikleri “örän peýdaly” diýip häsiýetlendirdi.


Gepleşiklerden soň çap edilen bilelikdäki beýanatda iki tarapyň güýç ulanmakdan saklanmaga, birek-biregiň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we serhetleriň eldegrilmesizligine hormat goýmaga esaslanýan gepleşik geçirmek wadasyny berendigi aýdylýar.


Şeýle-de beýanatda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň gatnaşyklary kadalaşdyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, öz sebitleriniň howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üçin tagalla etjekdigi aýdylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus