Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda geçirilen 'ekologiýa sapagyny' Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi ýazýar.


"28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda 'Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy' atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy" diýip, resmi metbugat bu okuw sapagyna oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň, şeýle-de Türkmenistana gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjüniň hem gatnaşandygyny belleýär.


"Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi" diýlip, habarda nygtalýar.


Bellesek, bu habar Ginness rekordlar kitabynyň wekilleriniň Ahalda gurulýan täze administratiw merkeziniň 500 hünärmeni üçin bir günlük okuw geçirmegi planlaşdyrýandygy baradaky maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.


Ginness rekordlar kitabynyň wekilleri Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen uzak ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Soňky 20 ýyla golaý döwürde Ginness rekordlar kitaby ýurtda, şol sanda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky onlarça rekordy hasaba aldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus