Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AI Eýrandaky basyşlar wagtynda 23 çaganyň öldürilendigini aýdýar

“Amnesty International” guramasy geçen aý ahlak polisiýasy tarapyndan hijabyny düzüw geýmezlikde aýyplanyp tussag edilen gyzyň ölmegi sebäpli guralan giň gerimli protestler basylyp ýatyrylanda öldürilen ýüzlerçe adamyň arasynda azyndan 23 çaganyň bardygyny aýtdy.


"Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 23 çagany bikanun öldürmegi” häkimiýetleriň sentýabr aýynda 22 ýaşly Mahsa (Žina) Amininiň tussaglykda ölmegi netijesinde başlanan protestleri basyp ýatyrmak baradaky aýgytly kararynyň ýene bir tarapyny açdy. 16-njy sentýabrda başlanan protestler, Eýranda köp adamyň pikiriçe, Yslam respublikasy gurluşyna garşy guralan has giň gerimli gozgalaňa öwrüldi" diýip, AI 14-nji oktýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.




Amini tussaglykda ýogalaly bäri, hasaplamalara görä, tutuş ýurdy gaplap alan demonstrasiýalarda azyndan 201 adam öldürildi.


Protestler wagtynda öldürilen 23 çaganyň 11 ýaşdan 17 ýaş aralygynda bolandygy, olaryň 20-siniň oglan, üçüsiniň gyz bolup, olaryň ikisiniň 16, biriniň 17 ýaşynda bolandygy aýdylýar.


Öldürilenleriň köpüsi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atyldy, dördüsi - üç gyz we bir oglan – ölýänçä urlup-ýenjildi.


"Eýranyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň batyrgaý ýaşlarynyň arasynda garşylyk ruhuny ýok etmek üçin azyndan ýigrimiden gowrak çagany öldürdi" diýip, halkara Günä geçiş guramasynyň wekili Heba Morayef aýtdy.


"BMG-niň Adam hukuklary geňeşine agza bolup durýan döwletler gyssagly ýagdaýda ýörite mejlis geçirmeli we Eýranda halkara garaşsyz derňewini geçirmek we jogapkärçilik mehanizmini döretmek barada karar kabul etmeli" diýip, Morayef aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus