Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hukuk toparlary Türkiýäniň saýlawdan öň söz azatlygyny gysýandygyny aýdýarlar

Türkiýäniň kanun çykaryjylary "ýalan maglumat" çap eden islendik adama üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýan täze kanuny tassykladylar, bu kanunyň geljek ýyl geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda söz azatlygyny çäklendirmeginden alada galýan hukuk toparlary ont berk tankyt etdiler.


13-nji oktýabr güni giçlik, Ýewropa geňeşiniň Parlament assambleýasynyň türk häkimiýetlerini bu kanuny kabul etmezlige çagyran gününiň ertesi tassyklanan kanun prezident Rejep Taýyp Erdogan we onuň parlamentdäki aşa milletçi ýaranlary tarapyndan teklip edildi.


Täze kanuna laýyklykda, häkimiýetler tarapyndan "ýurduň içerki we daşarky howpsuzlygy, jemgyýetçilik düzgün-tertibi we jemgyýet sagdynlygy" barada ýalan hasaplanan maglumatlary çap eden žurnalistler ýa-da sosial media ulanyjylary 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.


Häkimiýetler tarapyndan "galp habarlar" diýlip hasaplanyp bilinjek zadyň takyk kesgitlenmezligi oppozisiýa we hukuk aktiwistleriniň arasynda alada döretdi.


“Bu Türkiýede pikir aýtmagyň onlaýn we metbugat azatlygy üçin ýene-de bir garaňky gün boldy” diýip, “Amnesty International” guramasynyň sebit boýunça barlagçysy Güneý Ýildiz aýtdy.


"Soňky birnäçe ýylda hökümetiň köpçülikleýin habar serişdelerine edýän gözegçiliginiň artmagy bilen, täze görülýän çäreler Türkiýäniň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarynyň öňüsyrasynda we ondan aňryk, dezinformasiýa garşy göreşýänden bolup, olara mundan beýläk hem tankydy sesleri senzura etmek we ýuwaşatmak mümkinçiligini berýär" diýip, Ýildiz sözüniň üstüni ýetirdi.


Sosial mediany demokratiýa üçin howp diýip atlandyran Erdoganyň indiki ýyl geçiriljek saýlawlarda öz 20 ýyllyk dolandyryşyndaky iň berk synag bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna garaşylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus