Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji oktýabrda Astanada, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärä gatnaşan resmiler GDA-nyň çägindäki daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini, sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşdylar.
Daşary işler ministrleri GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 14-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek sammitinde döwlet baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taslamasy barada ylalaşyga geldiler.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi daşkentde geçiriler.