Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar, Angliýa Eýranyň ahlak polisiýasyna sanksiýa girizýär

Tussaglykda ýogalan gyz sebäpli başlanan protestleriň we polisiýa bilen bolýan çaknyşyklaryň dowam etmeginiň arasynda, Angliýa Eýranyň howpsuzlyk işgärlerine, şol sanda ýurduň ýakasy gaýyşly ahlak polisiýasyna garşy sanksiýa girizdi.


Geçen aý polisiýa tussaglygynda ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölümi Eýranda we halkara derejesinde nägilelik döretdi, demonstrantlar ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýiniň agdarylmagyna çagyrdylar.


Häkimiýetleriň Tähranda we beýleki ýerlerde internet aragatnaşygyny bölmeklerine garamazdan, sosial ulgamlarda onlaýn wideolary peýda boldy.


Sosial ulgamlarda 10-njy oktýabrda ýerleşdirilen wideoda Günbatar Eýranyň Sanandaj şäherinde demonstrantlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyk barada habar berildi. Şäheriň ähli ýerinden diýen güýçli atyşyk we partlama seslerini eşitmek mümkin.


Garaşsyz ýagdaýda tassyklanmadyk bir wideoýazgyda birnäçe ýaragly ofiseriň bir protestçini ýençmegi sosial mediada uly gahar-gazap döretdi.


Beýleki bir wideoda Sanandajyň polisiýa işgärleriniň köçede bir göwreli aýala hüjüm edip, protest bildirmek üçin awtoulagynyň signalyna basan sürüjini atyp öldürendigi görkezilýär.


Şu aralykda Eýranyň tanymal hukuk goraýjysy Narges Mohammadi 15 aý azatlykdan mahrum edildi. Ol “ulgama garşy wagyz ýaýratmakda” günäli tapylyp, ýurduň käbir ýerlerinde zibil ýygnamaly edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus