Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

HRW Eýranyň protestleri ‘rehimsiz’ basýandygyny aýdyp, halkara çäresine çagyrýar

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy Tähran häkimiýetlerini Eýranyň ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilende ýogalan ýaş zenanyň ölümi sebäpli dörän we hepdeläp dowam edýän köpçülikleýin protestlere gatnaşyjylara aşa ýowuz çäre görmekde, şol sanda adam ölümine getirýän güýçleri ulanmakda aýyplady.


Mahsa Amini 16-njy sentýabrda, Eýranda aýal-gyzlaryň köpçülikde geýmeli hökmany ýagdaýda geýmeli edilen hijaby “düzüwli” geýmezlikde aýyplanyp, ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilenden üç gün soň, huşuna gelmän aradan çykdy.


Onuň ölümi, hökümetiň islendik görnüşdäki başgaça pikirliligiň dowam etdirilmegine garşy berk çäre görjekdigi baradaky duýduryşlaryna garamazdan, tutuş ýurtda hökümete garşy köpçülikleýin nägilelik bildirilmegine alyp geldi.


Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatyna görä, 18 günüň dowamynda geçirilen demonstrasiýalar wagtynda azyndan 154 adam, şol sanda dokuz çaga öldürildi.


HRW şu wagta çenli hukuk toparlarynyň ýa-da ynamdar habar beriş serişdeleriniň maglumatlary esasynda köpüsi ok ýarasynda ölen 47 adamyň sanawyny düzendigini aýtdy.


Sanawda azyndan dokuz çaganyň, olaryň ikisi gyz, alty aýalyň atlary bar.


"Eýran häkimiýetleri aşa köp we öldüriji güýç ulanmak bilen, tutuş ýurtda hökümete garşy giň ýaýran protestleri rehimsiz basyp ýatyrdy" diýip, HRW 5-nji oktýabrda aýtdy.


HRW halkara jemgyýetçiliginiň bu ýagdaýa çäre görmelidigini we jogapkärleriň eden işleri üçin jogap bermeginiň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus