Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Aşgabat bilen Pekiniň dünýä howpsuzlygynyň aladasyny edýändigini aýdýar

Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý metbugaty üçin beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, olary “nusgalyk” atlandyrdy.


TDH onuň Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna beren jogaplaryny 4-nji oktýabrda çap etdi.


“Biz “Bitewi Hytaý” syýasatyna pugta eýerýäris, arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň ýaramaz iş şertlerinden, aýlyklaryň azaldylmagyndan, ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan şikaýat edýän wagtynda beren interwýusynda aýtdy.


Türkmenistanyň öňki prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalary, Başlyk Si Szinpiniň “Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak” konsepsiýasy barada pikirini aýdyp, “Türkmenistanyň başlangyjy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň başlangyçlary hakykatda umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýe” diýdi.


Onuň pikiriçe, bu iki ýurduň başlangyçlarynda “...harby-syýasy bäsdeşligiň nämelere getirip biljekdigi barada oýlanmaga, adamzadyň howply çäge ýetendigine, şondan aňyrda garaşylmadyk netijeler bilen ählumumy howpsuzlygyň tutuş gurluşynyň ýykyljakdygyna anyk göz ýetirmäge çagyryş beýan edilen”.


Söhbetdeşligiň dowamynda Aşgabadyň Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy, Hytaýyň gysga wagtda garyplygy ýeňip geçendigi hem bellenip geçildi.


Türkmenistan, Hytaýdan tapawutlylykda nebit-gaza baý we az ilat sany boýunça has kiçi ýurt bolup durýar, emma synçylar Aşgabadyň soňky onýyllyklarda Hytaýa we beýleki ýurtlara satan ýangyjynyň türkmenistanlylaryň garyplykdan çykmagyna kömek etmändigini, Aşgabadyň barha kän çig mal söwdasyna garaşly ýagdaýa düşýändigini belleýärler.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus