Eýrandaky protestler möwjeýär, Raisi milli agzybirlige çagyrýar
Ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň 4-nji oktýabrda protestlere goşulmagy netijesinde, hamala baş örtügini düzüw geýmändigi sebäpli tussag edilen we hassahanada huşuna gelmän ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölüminden soň başlanan demonstrasiýalaryň has giň gerime eýe bolýandygy göründi.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolar Tähran, Karaj, Şiraz we Isfahan şäherlerinde proteste çykan demonstrantlaryň "Diktora ölüm" diýen ýaly şygarlara gygyrýandyklaryny görkezýär.
Raisi parlament mejlisinde eden çykyşynda ýurtdaky "gowşaklyklary we kemçilikleri" boýun aldy, şol bir wagtda-da beýleki resmileriň, şol sanda ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýiniň bu gozgalaňda Eýranyň duşmanlaryny günäkärläp aýdan subutnamasyz sözlerini gaýtalady.